Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň Premýer-ministri bilen döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşdy

22:4721.11.2022
0
8151

Şu gün Abu-Dabide Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de wise-prezident, Premýer-ministr, BAE-niň goranmak ministri, Dubaý emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň duşuşygynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi barada özara pikir alşyldy we bu ugurdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň mart aýynda döwlet Baştutany wezipesine girişeli bäri BAE-de ilkinji gezek resmi saparda bolýar.

Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Baştutanynyň şu saparyna öz ýurdunda iki doganlyk halkyň dostlugyny pugtalandyrmagyň ýolundaky möhüm ädim, döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa hökmünde baha berilýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň geljegi, şeýle-de birnäçe halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedow Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumy özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Aşgabada gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.

Söhbetdeşligiň barşynda BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde iň gowularyň biri diýlip ykrar edilen Türkmenistanyň pawilýonyna ýokary baha berdi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler netijeli hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we ony ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşyp, däp bolan hyzmatdaşlygy onuň ägirt uly kuwwatyna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiklerini aýtdylar. Hususan-da, Dubaýda (BAE) türkmen halylarynyň söwdasyna ýöriteleşdirilen dükanyň açylmagyna aýratyn üns çekildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, telekeçileriň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda ädilen ýene-de bir möhüm ädimdir. Şu babatda dowam edýän saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Söwda-senagat edaralary federasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça işewürlik maslahatynyň geçiriljekdigi nygtaldy.

— Iki ýurduň ýangyç-energetika kuwwaty, olaryň dünýäniň söwda we ulag-aragatnaşyk çatryklarynda amatly ýerleşmegi özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar — diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.

Bellenilişi ýaly, şeýle-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklara, ylym, bilim, medeniýet, sungat ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaý emirliginiň häkimi türkmen döwletiniň Baştutanyna özüniň ömür ýoly we alyp barýan işleri baradaky kitaby sowgat berdi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum Türkmenistanyň we BAE-niň arasynda ýola goýlan doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejededigini hem-de olary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny ýene-de bir gezek belläp, däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna, täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik esasynda ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň