Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda mallary gyş möwsümine taýýarlaýarlar

18:0221.11.2022
0
28554

Türkmenistanly maldarlar gyşa taýýarlyk işlerini tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar. Bu barada«МИР 24» habar berýär.

Gyş möwsümi başlamaz ozal ätiýaçlyk ot-iýmleri bilen üpjün etmek we mallaryň gyşdan abat çykmagy üçin fiziki ýagdaýyna gözegçilik etmek möhümdir.

Türkmenistandaky käbir iri maldarçylyk toplumlary ot-iým önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin öz ýerlerini ulanýarlar.

Russiýanyň habarlar gullugynyň wekilleri şeýle toplumlaryň birine baryp gördüler.

«Bu ammarda mallaryň iýmini saklaýarys. Bu ýerde ätiýaçlyk ot-iýmleri saklamak üçin ähli zerur şertler bar. Ot-iýmiň her görnüşi aýratyn ammarda saklanýar. Häzirki wagtda ätiýaçlyk ot-iýmleri taýýarlamak dowam edýär» diýip, «Sahabatly» maldarçylyk toplumynyň işgäri Meretdurdy Babaýew žurnalistlere gürrüň berýär.

«Mallaryň gyşlamagy üçin ýataklary taýýarlaýarys. Mallary saklamak üçin ähli zadyň ýerbe-ýer bolmagy möhümdir. Mallaryň immuniteti eýýäm güýçlendirildi» diýip, ýerli weterinar Çary Ýagmyrow gürrüň berýär.

Möwsüme taýýarlykdan daşary mallara weterinar lukmanlarynyň aýratyn ünsi we güýçlendirilen ot-iýmler zerur bolup durýar. Şoňa laýyklykda, sygyrlar günde iki gezek iýmitlendirilýär. Her bir sygyr üçin günde azyndan 40 kilogram iýmit sarpanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň