Soňky habarlar

Arhiw

«Onlaýn taksi» ykjam programmasynyň täze wersiýasy işlenip düzüldi

10:0115.11.2022
0
42420

«Google Play»-da «Onlaýn taksi» ykjam programmasynyň täze wersiýasy elýeterli boldy. Programmanyň kömegi bilen smartfonyňyz arkaly Aşgabadyň islendik ýerine taksi sargyt edip bilersiňiz.

Programmanyň täze wersiýasy tutuşlygyna türkmen programmistleri tarapyndan işlenip düzüldi we ulanyjylaryň ähli isleglerini göz öňünde tutup döredildi.
Programmany döredijileriň bu barada şeýle beýanat berdiler: «Birnäçe aýlap ulanyjylaryň isleglerini öwrendik we 20-den gowrak ownuk we düýpli düzedişler etdik».

Işläp düzüjileriň pikiriçe, her bir «Onlaýn taksi» ulanyjysy programmanyň köne wersiýasyny aýyrmaly we täzesini göçürip almaly bolar. Häzirki wagtda bu programma «Android» ulanyjylary üçin elýeterlidir, ýöne «iOS» ulanyjylary hem ýakyn wagtda programma baha berip bilerler.

Täze «Onlaýn taksi»-niň daşky görnüşini üýtgetdi we onuň birnäçe täze aýratynlygy bar, ýagny nawigasiýa has amatly we düşnükli boldy. Indi ulagy yzygiderli we has çalt çagyryp bolýar.

Täze dizaýn ulanmagy has aňsatlaşdyrdy we döredijiler oňa goşmaça aýratynlyklary goşmagy başardylar. Müşderiler syýahat üçin nagt we sürüjä bank kartoçkasy bilen töleg töläp bilerler. Şeýle hem ýakyn wagtda programmanyň üsti bilen onlaýn töleg edip bolar.

Aşgabadyň islendik ýerine taksi sargyt etmek üçin takyk salgysyny ýörite setirde girizmeli ýa-da kartada görkezmeli. Taksä jaň etmek üçin telefon belgisi öňküligine galdy — 0655, hyzmat gije-gündiziň dowamynda elýeterlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň