Işewürlik çärelerinde, iş maslahatlarynda we dürli maksatly mejlislerde ýokary derejede fotosuratlara düşürmek bilen birlikde, wideoýazgylar hem ýokary guramaçylykly ýerine ýetirilýär. Çäräniň iň bir möhüm pursatlaryny wideoýazga geçirmek geljekde press-reliz, wideohasabat ýa-da köpçülikleýin wideoýazgylar üçin ulanmaga ýardam edýän wideo formatly materiallary döretmäge giňden mümkinçilik berýär.
Indi Aşgabatdaky «ms studio» fotostudiýasy bu babatda banketleri, sergileri, seminarlary, forumlary, resmi açylyşlary we beýleki çäreleri wideoýazga geçirmek hyzmatyny ýola goýdy.
Wideoýazgy etmek işiniň hyzmatlar bukjasyna wideoýazgynyň ssenarisiniň işlenip düzülmegi, kameralaryň sany we olaryň dogry işlediliş usullary barada maslahat bermek, ses we yşyklandyryş bilen bagly beýleki işler girýär. Wideooperatoryň alyp barýan işi müşderiniň isleginden ugur alýar we şonuň üçinem wideo düşürmegiň şertleri hem-de onuň ýeri öňünden maslahatlaşylýar.
Mundan başga-da, täze müşderileri hem-de hyzmatdaşlary çekmäge gönükdirilen forumlara, sergilere we beýleki jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmakda «ms studio» fotostudiýasynyň hünärmenleri gysga göwrümli tanyşdyryş wideoýazgylaryny hem taýýarlap berýärler.
Sergiler üçin ýokary derejede düşürilen wideoýazgylar alyjylar köpçüligine kompaniýanyň ähli oňyn artykmaçlyklaryny aýdyň görkezmäge mümkinçilik berer. Statistik maglumatlaryň hem tassyklaýşy ýaly, kompaniýa baradaky wideoýazgylara tomaşa etmek bu haryt nyşanyna bolan ynamy görnetin ýokarlandyrýan aýratynlykdyr.
Şular bilen birlikde, «ms studio» fotostudiýasynyň fotosuratçylary we wideooperatorlary Love Story romantik fotosessiýalary, şeýle-de täze dünýä inen bäbejigi surata düşürmek hyzmatlaryny-da ýetirýärler.
«ms studio» fotostudiýasynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 108-nji jaý, «Joşgun» söwda merkezi.
Habarlaşmak üçin:
- Telefon belgileri: (+993 65) 80 68 85, 72 6972, (+993 12) 21 82 84;
- Sosial media ulgamyndaky hasaby;
- Elektron poçta salgysy: sergei.mirzoev2791@gmail.com.
Şeýle-de okaň: