Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

18:3007.11.2022
0
28664
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Surat: president.uz

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşligiň barşynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýollap, özüniň şu ýylyň 20-21-nji oktýabrynda Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň ähmiýetiniň ýokary bolandygyny belledi.

Mundan başga-da, telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ozal gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň we gazanylan ylalaşyklaryň parlamentara dialogy dowam etdirmekde möhüm ornunyň bardygy aýratyn nygtaldy. Şeýle-de şu hepdäniň ahyrynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek Türki döwletleriň guramasynyň sammitiniň gün tertibinden orun alan meseleler boýunça pikir alşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň