Soňky habarlar

Arhiw

Raşid Meredow YHG-niň Baş sekretary bilen wideokonferensiýa arkaly duşuşyk geçirdi

23:2302.11.2022
0
23928
Raşid Meredow YHG-niň Baş sekretary bilen wideokonferensiýa arkaly duşuşyk geçirdi
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri bilen wideokonferensiýa arkaly duşuşyk geçirdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Duşuşygyň barşynda şu ýylyň ahyrynda YHG-niň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky 26-njy mejlisine taýýarlyk bilen baglanyşykly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň baştutanlygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ýolbaşçylarynyň 15-nji sammiti ýokary derejede geçirildi, şol ýerde möhüm kararlar we resminamalar kabul edildi hem-de YHG-a agza ýurtlaryň arasynda has ýakyn hyzmatdaşlyk üçin şertler döredildi.

Hususan-da, sammitde kabul edilen jemleýji resminama — Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin döredilip, ol söwda, ulag, energetika, syýahatçylyk we pandemiýa garşy göreş pudaklarynda döwletara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.

Bu guramanyň Daşary işler ministrleriniň ýakyn wagtda geçiriljek duşuşygy 2021-nji ýylda Aşgabatda YHG-a agza ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň sammitinde öňe sürlen başlangyçlaryň we iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegini dowam etdirmegi maksat edinýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň