Düýn Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy geçirildi. Oňa medeniýet we sungat ussatlary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň bilelikde guramaklarynda 24-nji oktýabrda dabaraly açylan Medeniýet hepdeliginiň her bir güni ýatda galyjy wakalara beslendi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda italýan dili günleri geçirildi. Paýtagtymyzda latwiýaly myhman, meşhur publisist, taryhy-medeni miras boýunça kitaplaryň awtory Elwita Rukanyň gatnaşmagynda döredijilik ýazuw sungaty boýunça, latwiýaly suratkeş we heýkeltaraş Ilona Romuleniň gatnaşmagynda keramikadyr farfor önümleriniň ýüzüne surat çekmek hem-de ýazgy etmek boýunça ussatlyk sapaklary-da täsirli boldy. Mundan başga-da, hepdeligiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda suratkeşler — fransiýaly Teo Eşetunyň hem-de germaniýaly Robert Kaeniň döredijilik işleriniň wideoşekiller arkaly sergisi guraldy.
Paýtagtymyzdaky «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde geçirilen Ýewropa tagamlarynyň festiwaly hem oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Bu ýerde myhmanlara fransuz dolamasy, latwiýalylaryň sowuk çorbasy, ispan we german milli tagamlarydyr şokoladly çüwdürimler, miweli doňdurmalar hödür edildi. Bu ýerde diňe bir tagamlar hödürlenmän, eýsem, aşpezler dabara gatnaşyjylara Ýewropa tagamlarynyň taýýarlanylyşy barada hem gürrüň berdiler. Ýewropa ýurtlarynyň tagamlarynyň taýýarlanylyşy, datlylygy olarda uly täsirleri galdyrdy.
Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň dowamynda oňa gatnaşyjylar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp, ol ýerde üsti ýapyk manežde türkmeniň uçar ganaty bolan ahalteke bedewleriniň gözelligini synladylar. Bu ýerde türkmen jigitleri myhmanlara ahalteke atlarynyň şöhraty, olaryň ösdürilip ýetişdirilişi barada gyzykly gürrüň berdiler. Myhmanlar özüniň gözelligi, düşbüligi bilen beýleki tohum atlaryndan tapawutlanýan, ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewlere ýokary baha berdiler.