Soňky habarlar

Arhiw

Noýabr aýynda Aşgabatda maglumat tehnologiýalary boýunça «Türkmentel — 2022» halkara sergisi geçiriler

17:0301.11.2022
0
26031
Noýabr aýynda Aşgabatda maglumat tehnologiýalary boýunça «Türkmentel — 2022» halkara sergisi geçiriler

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň web saýtynda habar berlişine görä, 10-11-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2022» atly XV halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, «Türkmentel» – sebit boýunça maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamyndaky iň uly çäreleriň biri bolup, ol ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar we telekommunikasiýa ugry boýunça täze üstünlikleri, tejribeleri we pikirleri ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligini berýär.
Türkmen işläp düzüjileriniň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryndaky gazanan üstünliklerini görkezmek üçin geçirilýän bu forum Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar ageniginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde gurnalýandygyny bellemek gerek.

Goşmaça maglumatlary almak üçin gatnaşyjylar telefon arkaly «Turkmentel — 2022-niň» guramaçylyk komitetine ýüz tutup bilerler: (+993 12) 44 9099; faks: 44 91 99; elektron poçta: techdep@telecom.tm we mincom@telecom.tm.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň