«Transmaşholding» Türkmenistana bäş sany teplowoz iberdi

00:1201.11.2022
0
12905

«Transmaşholding» (TMH) paýdarlar jemgyýetiniň düzümine girýän Brýansk maşyngurluşyk zawody Türkmenistanyň döwlet demirýol operatory bolan «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bäş sany 2ТЭ25КМ ýük teplowozyny iberdi. Bu barada «Transmaşholding»-iň resmi web sahypasynda habar berildi.

Şeýlelikde, TMH 2022-nji ýylyň awgust aýynda baglaşylan şertnamany doly ýerine ýetirdi.

«Demirýollary» kompaniýasy mundan öň 2021-nji ýylda bir teplowozy satyn alypdy we ol eýýäm özüni gowy taraplardan görkezdi.

«Demirýollary» AGPJ-niň wekilleri Brýansk enjamlarynyň hiline we ygtybarlylygyna oňyn baha berip, «Transmaşholding»-iň täze tehnikalaryna gyzyklanma bildirdiler we Brýansk maşyngurluşyk zawody bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýändiklerini mälim etdiler.

Ýeri gelende bellesek, 2ТЭ25КМ ýük teplowozy 1520 mm ölçegli demirýollaryň elektrikleşdirilmedik liniýalarynda köp mukdarda ýük daşamagy netijeli guramaga mümkinçilik berýär. Bu seriýaly teplowozlar zawodda 2014-nji ýyldan bäri öndürilýär we dürli howa şertlerine durnuklylygy bilen tapawutlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň