Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropanyň sowuk çorbalary: tomus günleriniň datly tagamlary

0
27827

Haçanda Gün nuruny aşa eçilip ugranda we termometriň görkezijisi 30-dan geçiberen mahaly pikirler biygtyýar salkynlygy, serginligi küýseýär. Bu howada nahar başyna geçip, sowuk çorbanyň tagamyndan datmak, megerem, göwnüňi göterjek zatlaryň biri bolsa gerek!

Ýewropada taýýarlanylýan şeýle sowuk çorbalaryň üçüsiniň reseptini dykgatyňyza ýetirýäris.

Gaspaço (Ispaniýa). Ter pomidorlar, suwluja hyýarlar, ýakymly ysly sarymsak, ak çöregiň kesimleri, zeýtun ýagy hem-de buz — bularyň hemmesi mahmal ýaly näzikligi alamatlandyryp, laýyk temperaturada sowadylýar. Bu tagamyň käbir üýtgeşik görnüşlerine kabaçki, süýji burç, kädi we hatda täze tagam ölçeglerine goşulýan şalot sogany hem goşulýar.

Goşundylar: ter pomidor - 6 sany, hyýar - 2 sany, şalot sogany - 1 sany, süýji gyzyl burç - 2 nahar çemçesi, buz - 6 bölek, ak çörek - 2 dilim, laým ýa-da limon suwy - 3 nahar çemçesi, tabasko sousy ýa-da ajy burç – islegiňe görä sarymsak - 1 diş, zeýtun ýagy - 2 nahar çemçesi, kinza - bir-iki sany şahajyk, duz.

Pomidorlary haç görnüşde kesip, gaýnag suwa 1 minut goýuň. Soňra sowadyň, daşyny aýyryň we uly edip dograň. Şeýle hem hyýar, süýji burç, sogan we otlary uly böleklere bölüň. Ähli goşundylary blendere goýuň, buz kublaryny goşuň we birmeňzeş görnüşde garyşdyryň. Çörek dilimlerini hem yzyndan goşuň we ýene blender bilen garyň. Duz, ysly goşundylar we zeýtun ýagy bilen tagamyny sazlaň.

Çorbanyň sowuklygy gitmänkä, dessine saçak başyna uzadyň. Gyrylan sarymsak, goşundylar ýa-da timýan bilen bezäň.

Wişisuaz (Fransiýa). Bir tarapdan, bu sogan çorbasy mysaly dokundyryjy we ýokary kaloriýaly. Beýleki tarapdan, muny adatça sowuk görnüşinde saçaga uzadylýar, şeýlelikde bolsa ol tomusyň yssy günlerinde iň oňat tagam bolýar.

Wişisuaz çorbasynyň kim tarapyndan, haçan oýlanyp tapylandygy belli däl. Bir rowaýata görä, şuňa meňzeş tagam XVIII asyrda Fransiýada taýýarlanypdyr.

Bir rowaýaty gürrüňe görä, ony fransuz koroly Lýudowik XV-niň köşgünde sowuk görnüşinde iýip başlapdyrlar. Monarh zäherlenmekden gorkup, hyzmatkärlere saçakdaky nahary dadyp görmegi buýrupdyr. Çorbanyň zäherlenmändigi belli bolansoň hem, eýýäm sowap ýetişipdir. Patyşanyň göwnünden turan sowuk görnüşdäki çorba meşhur bolup gidipdir.

Çorbanyň häzirki adyny bolsa 200 ýyldan soň, fransuz aşpezi Lui Dia atlandyrypdyr. Ol Nýu-Ýork restoranynda işleýärkä, tomsuň yssy günlerinde myhmanlary näme bilen geň galdyryp bolar diýip pikir edýär eken. Sowuk süýt bilen sogan çorbasynyň çagalyk näzikligini ýada salýan Lui aşhanasynda bu tagamy gaýtadan döretmek kararyna gelipdir. Wişi kurort şäheriniň hormatyna çorba-da Crème vichyssoise glacée (“sowadylan gaýmakly wişisuaz” diýlip terjime edilýär) adyny beripdir.

Goşundylar: poreý sogany - 2 sany, sogan - 2 sany, mesge ýag - 150 g, ösümlik ýagy - 100 ml, 3 sany orta ululykdaky ýeralma, krem 40% - 300 ml, towuk çorbasy - 200 ml, ýaşyl sogan, owradylan ak burç, muskat hozy, duz.

Poreý soganynyň ak bölegini we sogany ýarym aýlaw görnüşinde kesiň. Gazanda ösümlik ýagynyň we ýagyň garyndysyny gyzdyryň. Sogan altynsow reňke gelýänçä gowurmalydyr. Ýeralmany artyň we dograň. Ony gowrulan soganyň üstüne goşuň. 3-4 minutdan soň, gazana towuk çorbasyny, kremi guýuň. Soňra bolsa duzy, burçy guýuň we tagamyna ýakymly ys goşuň. Gök önümler bişýänçä pes otda 15 minut gaýnadyň. Taýýar çorbany suwgalýança blender bilen garyň. Otlar bilen bezäp, bölekleri sowadanyňyzdan soň, saçak başyna alyp bilersiňiz.

Ajo blanko (Ispaniýa) orta asyrlardan gözbaş alýan çorba bolup, oňa käbir umumy goşundylary sebäpli meşhur gaspaçonyň dogany diýilýär.

Naharyň düzümine şular girýär: badam, çörek, suw, zeýtun ýagy, sirke we az-kem duz. Käbir tapawutlanýan reseptlere görä, bu çorba adaty bolmadyk kremlilik goşýan çig ýumurtganyň sarysynyň goşulýanyna hem gabat gelmek bolýar. Ajo blanko üzüm, alma ýa-da gawun bilen bilelikde berilýär.

Goşundylar: arassalanan mindal - 200 g, gury ak çörek - 4 dilim, sarymsak - 2 diş, suw - 600 g, heres ýa-da üzüm sirkesi - 2 nahar çemçesi, zeýtun ýagy - 5 nahar çemçesi, şänikleri aýrylan üzüm bezeglik üçin, şeýle hem petruşka.

Ysyny we tagamyny ýokarlandyrmak üçin mindaly gury saçda birnäçe minutlap gowurmaly. Çöregi suwa ýa-da mindally süýde 10-15 minut batyryň. Mindaly we sarymsagy bilelikde blenderde owratmaly. Mindal garyndysyna siňdirilen çöregi, suwy, sirkäni we duzy goşuň. Blender bilen gowy edip garyň. Zeýtun ýagyny blender işleýän wagtynda inçe akymda guýuň, ol tekiz suwuklyk görnüşinde bolýança garyň. Çorbany gazana guýuň we doly sowaýança sowadyjyda goýuň.

Ajo blankony sowadylan tarelkalarda saçaga uzadyň. Üzümiň ýartylary, hyýar, gawun ýa-da alma dilimleri bilen bezäň.

A siziň iň halaýan sowuk çorbaňyzyň resepti nähili?

Peýdalanylan çeşme: www.vokrugsveta.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar