Serdar Berdimuhamedow daýhan birleşiklerinde seljerme işlerini geçirmegi tabşyrdy

21:4931.10.2022
0
20047
Serdar  Berdimuhamedow daýhan birleşiklerinde seljerme işlerini geçirmegi tabşyrdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Iş maslahatynda oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri şu günler ýurduň sebitlerinde alnyp barylýan işler, esasan-da, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak boýunça görülýän çäreler, bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwunyň tutulyşy, kadaly gögeriş alnyşy, güýzlük ýeralmadan, gök-bakja we beýleki ekinlerden ýokary hasyl almak, ilaty bu önümler bilen bolelin üpjün etmek boýunça edilýän zerur tagallalar, şeýle-de ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça amala aşyrylýan taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlaryň çäklerinde ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýylda ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilen işleriň barşy barada-da aýdyldy.

Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlarynda gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýändigi, Mary welaýatynda bu ekiniň ýetişen hasylyny ýygnap almak boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimleri bolsa ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada-da hasabat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň şu günüň möhüm talaby bolup durýandygyny aýtdy hem-de bu işde Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň käbir etraplarynda depginiň pesdigine ünsi çekip, pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmek babatda häkimlere birnäçe anyk görkezmeleridir tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde tamamlanmalydygyny, ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde, netijeli işledilmelidigini belläp, bu babatda häkimlere birnäçe tabşyryklary berdi. Ýurtda azyk bolçulygyny pugtalandyrmagyň meseleleri barada aýdyp, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl öndürmek ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy.

Ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyndan hem-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmelidigi bellenip, häkimlere birnäçe görkezmeler berildi. Şeýle-de sebitlerde şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşyny gözegçilikde saklamak, ýakynda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy.

Iş maslahatynda wise-premýer A.Ýazmyradow ýurtda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, şol sanda bugdaý ekişi we pagta ýygymy, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylyşy, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragynyň dowam edýändigi, Mary welaýatynda bolsa ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylýandygy barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurduň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýändigini belledi hem-de möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy we wise-premýere bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, ilaty ýurduň özünde öndürilen ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer A.Ýazmyradowa hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk we öz wagtynda geçirilmeginiň üpjün edilmegine, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.

Iş maslahatynyň ahyrynda döwlet Baştutany ýurduň welaýatlarynyň daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň işleri talabalaýyk, başarnykly ýerine ýetirmekleri bilen baglanyşykly seljerme işleriniň geçirilmelidigini tabşyrdy hem-de welaýatlaryň häkimleriniň daýhan birleşiklerinde geçirilen seljerme işleri boýunça hasabatlarynyň diňleniljekdigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň