Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ikinji mejlisi geçirildi

22:3029.10.2022
0
14964

Şu gün Aşgabatda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ikinji mejlisi geçirildi. Foruma Hökümet agzalary, ugurdaş düzümleriň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Halkara assosiasiýanyň agzalary sanly ulgam arkaly mejlise gatnaşyp, alabaýlaryň tohumynyň häzirki ýagdaýy barada maglumatlary ýygnamagyň we alyşmagyň, olary gorap saklamak, sanyny artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň möhümdigini nygtadylar. Dürli bilelikdäki çäreleri, şol sanda usulyýet maslahatlaryny, sergileri, bäsleşikleri, okuw maslahatlaryny, okuw sapaklaryny, «tegelek stol» maslahatlaryny guramagyň ähmiýeti bellenildi.

Çykyş edenler türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň bu ajaýyp itleriň geljekki nesiller üçin genofondyny gorap saklamak hem-de arassa ganly görnüşleriniň sanyny artdyrmak boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permany okaldy. Şeýle-de mejlisiň dowamynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň prezidentiniň Çözgüdine laýyklykda, assosiasiýanyň täze agzalaryna agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ygtyýarly wekili Ruslan Kabirow halkara assosiasiýanyň agzalygyna kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu guramanyň işine mundan beýläk-de öz goşandyny goşmaga taýýardygyny aýtdy.

Assosiasiýanyň agzalygyna täze kabul edilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Bedfordşir graflygyndan itşynas Antonio Lo Raso hem-de Çehiýa Respublikasyndan hususy itşynas Wiktor Barsa hemmeleri Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlap, özlerine bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirdiler we assosiasiýanyň agzalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar.

Mejlise gatnaşyjylar itşynaslygyň milli ýörelgelerini halkyň baý medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde gorap saklamak baradaky aladalar üçin hoşallyklaryny beýan edip, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň itleriň bu täsin tohumyny bütin dünýäde ýaýratmak boýunça işlere ýardam etjekdiklerini bellediler.

Dabaranyň çäklerinde alabaýyň keşbi beýan edilen şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň, çaphana önümleriniň, fotosuratlaryň, haly önümleriniň we heýkelleriň sergisi guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň