Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» halkara maslahaty geçirilýär

11:0027.10.2022
0
22663

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn günüň ikinji ýarymynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022» halkara maslahaty öz işine başlady.

Forumyň birinji gününde «Energiýanyň geljegi: täze howplar we mümkinçilikler» atly mowzukdaky umumy mejlisde we birinji mejlisde 15-den gowrak çykyş diňlenildi.

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, forumda edilen çykyşlarda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, buraw gurmak, önümçiligi höweslendirmek, sanly tehnologiýalar, gaýtadan dikeldilýän çeşmeler, wodorod tehnologiýalary we uglewodorod önümçiliginde daşky gurşaw meselelerine üns çekildi. Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlary köp ýurtlaryň Türkmenistan bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek islegini nobatdaky gezek tassyklady.

Bu çäre gatnaşyjylara pudagyň öňünde durýan strategik kynçylyklary çözmekde tejribe alyşmaga, şeýle hem nebit we gaz pudagynda dünýäniň öňdebaryjylary bilen gatnaşyklary berkitmäge we aragatnaşyk gurmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem çykyşlarda Türkmenistanyň tebigy baýlyklary özleşdirmek bilen, olary oýlanyşykly peýdalanýandygy, daşky gurşawy goramak aladalary we energiýa howpsuzlygy boýunça möhüm halkara başlangyçlaryň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň