3-nji oktýabrdan 24-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň wekilleri we hünärmenleri üçin «Mejlis diplomatiýasy» atly onlaýn okuw geçirild. Okuwda Londonyň «Global diplomatik forum» akademiýasynyň professorlarydyr hünärmenleri çykyş etdi.
Bu okuw ABŞ-nyň Halkara ösüş gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen, has gowy döwlet dolandyryşyna kömek maksatnamasynyň çäginde guraldy.
Okuwlar parlament diplomatiýasynyň mümkinçilikleri we geljegi ýaly möhüm meseleleri öz içine aldy.
ABŞ-nyň Halkara ösüş gullugy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirer diýip, Agentligiň Türkmenistandaky wekili hanym Nino Nadiradze aýtdy.
Şeýle-de okaň: