Şu gün «Oguzhan» köşkler toplumynda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.
Özbek Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew strategik hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky jarnama gol çekdiler.
Mundan başga-da, iki ýurduň hökümetleri, ministrlikleri we puda edaralary derejesinde köptaraplaýyn Türkmenistan-Özbegistan hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen birnäçe resminamalar bar. Olar, hususan-da, şulardan ybarat:
— 2022 – 2024-nji ýyllar üçin syýasy gepleşikleri, parlamentara, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda medeni-ynsanperwer alyş-çalşy işjeňleşdirmek boýunça amaly hereket Meýilnamasy;
— Ikitaraplaýyn daşary ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek baradaky Şertnama;
— Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň çägindäki söwda öýleriniň işini kadalaşdyrmak baradaky Şertnama;
— Ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk barada Şertnama;
— Oba hojalygynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin amaly çäreleriň Meýilnamasy;
— Dermanlary we lukmançylyk enjamlaryny hasaba almak barada Şertnama.
Elektrik energiýasy, gümrük işi, weterinariýa we maldarçylyk, kinematografiýa we beýleki ugurlar boýunça hem ylalaşyklar gazanyldy.