Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 10-dan gowrak resminama gol çekiler

19:0820.10.2022
0
31207

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün — 20-nji oktýabrda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlanýar.

Resmi özbek metbugatynyň habar bermegine görä, saparyň dowamynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen 10-dan gowrak resminama gol çekilmegine garaşylýar.

Ýeri gelende bellesek, Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikde Aşgabat şäherinde «Daşkent» seýilgähiniň açylyş dabarasyna hem-de Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň gurluşygynyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň