Turkmenportal logo
18.10.22
2038720387
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Robototehnika boýunça toparlaýyn bäsleşige gatnaşyjylaryň kabul edilişigi dowam edýär
Robototehnika boýunça toparlaýyn bäsleşige gatnaşyjylaryň kabul edilişigi dowam edýär

«ImdatBot» çagalaryň robototehnika boýunça bilim merkezi 26-njy oktýabrda mekdep okuwçylarynyň arasynda robototehnika boýunça toparlaýyn «ImdatBot Cup 2022» bäsleşiginiň geçirilýändigini ýatladýar.


Bu bäsleşige gatnaşmaga 2008-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2014-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygynda doglan çagalar çagyrylýar. Olaryň ählisi ýaryşyň dowamynda üç-üçden aýratynlykda toparlara bölünerler.


Toparlardaky çagalaryň her birine üç sany tabşyryk berlip, olar bu işi hiç hili kömek almazdan örän gysga wagtyň dowamynda ýerine ýetirerler. Ýaryşda diňe bir toparyň gatnaşyjy-agzasy bolmak mümkinçiligi bardyr. Her toparda mblock programma üpjünçiligi hem-de adaty mBot programmasy ýüklenen bir noutbuk bolmalydyr.


Bäsleşigiň şertleriniň tertipnamasyny şu salgylanmadan ýükläp alyp bilersiňiz.


Ýaryş «ImdatBot» bilim merkezinde gatnaşyjylaryň ählisi hasaba alnandan soň, sagat 10:00-da başlanar. Bilim merkezi şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow köçesi, 147-nji jaý «Merdana» binasy. Goşmaça maglumat almak üçin telefon belgileri: (+993 12) 41 42 52, (+993 62) 90 00 69.


Şeýle-de okaň: