Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda senetçileriň halkara festiwaly geçirilýär

21:4912.10.2022
0
19026

Şu gün Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwal öz işine başlady. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, forumyň dabaraly açylyşy Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan çykyşlardan başlandy. Bu forum Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy.

«Türkmeniň ak öýi» binasynyň eýwanynda festiwala gatnaşyjylary we myhmanlary ýaşajyk sazandalar özboluşly çykyşy bilen garşy aldylar. Olar ussatlyk bilen käsede saz çaldylar. Şeýle hem bu ýerde muzeý gymmatlyklarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Myhmanlar binanyň sergiler zalynda ýerleşýän, milli şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň häzirki zaman ösüşi barada gürrüň berýän hemişelik sergi bilen hem tanyşdylar.

Bu ýerdäki konsert zalynda halkara festiwalyň dabaraly açylyşy boldy.

Dabaraly konserte Hökümet agzalary, medeniýet ulgamynyň, şäher hem-de welaýat häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.

Halkara foruma daşary ýurtlardan gatnaşyjylaryň hatarynda Gazagystandan, Özbegistandan, Eýrandan, Türkiýeden, Koreýa Respublikasyndan, Latwiýadan medeniýet ulgamynyň wekilleri, suratkeşler, senetkärler bar.

Festiwalyň çäreleri günüň ikinji ýarymynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dowam etdi. Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we senetçilik işleriniň sergisi açyldy.

Festiwala daşary ýurtlardan gatnaşyjylaryň sergi önümleri: agaçdan we galaýydan ussatlarça ýerine ýetirilen önümler, aýnadan taýýarlanan ýazuw önümleri, gelşikli gutujyklar, matadan taýýarlanan we matanyň ýüzüne çekilen özboluşly işler, bezegler, «ebru» usulynda ýerine ýetirilen suratlar amaly-haşam sungatynyň köp sanly janköýerleriniň ünsüni çekdi.

Daşary ýurtlular festiwala milli lybaslaryň nusgalaryny, Gündogar ýurtlary üçin däp bolan kalligrafiýa hem-de daşy elde işlemek sungatynyň eserlerini, çeper işleri, şeýle hem taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän halk döredijiligini emele getirýän beýleki köpdürli önümleri getiripdirler.

Agşam festiwala gatnaşýan myhmanlar Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda «Gyzyl kürte» atly çeper filme tomaşa etdiler. Bu filmdäki wakalar 1941 — 1945-nji ýyllarynyň Beýik Watançylyk urşy döwrüniň anyk pursatlaryna esaslanýar.

Ertir — 13-nji oktýabrda forumyň çäklerinde Lebap welaýat kitaphanasynda «Adaty senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly ylmy-amaly maslahat geçiriler. Onuň barşynda milli mirasy gorap saklamagyň, öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylara tejribe alyşmak, şol sanda halkara sergi çärelerini guramakda tejribe alyşmak üçin mümkinçilik dörediler. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky binada milli lybaslaryň tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler.

Daşary ýurtly myhmanlar Amyderýanyň kenarýakasyndaky şäheriň gözellikleri bilen tanyşmagyny dowam ederler.

Festiwalyň maksatnamasynyň çäklerinde döredijilik duşuşyklary we ussatlyk sapaklary meýilleşdirilýär.

Halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy 14-nji oktýabrda Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň