LG diagonaly üç metrden geçýän telewizor öndürdi

14:0712.10.2022
0
14936
LG diagonaly üç metrden geçýän telewizor öndürdi
Surat: gazeta.ru

LG kompaniýasy «Magnit 4K» kysymly täze telewizory bilen tanyşdyrdy, onuň esasy aýratynlygy diagonalynyň 136 dýuýma ýa-da 3,5 metre deň bolmagydyr. Bu barada «GizmoChina» neşirine salgylanyp, «Gazeta.ru» ýazýar.

Telewizor 4K çözgüdine eýe bolup, onuň dört sany HDMI bölegi, iki USB porty, yşyklandyryşy we görnüşleriň dinamiki diapozonlaryny awtomatik usulda çalyşmaga ukyply «LG Alpha a9» prosessory hem-de başga-da birnäçe artykmaçlyklary bar.

Häzirki wagtda telewizor diňe ABŞ-da satuwa goýberildi, onuň bahasy 300 müň dollara deňdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň