Soňky habarlar

Arhiw

6-njy maý Türkmenistanyň esasy habarlary

10:5306.05.2024
0
11066

Türkmenistanda çagalaryň arasynda surat çekmek bäsleşigi yglan edildi, Türkmenistanyň kompaniýalary çaga harytlarynyň ilkinji halkara sergi-ýarmarkasyna çagyryldy, türkmen filmleri halkara konofestiwalynyň ýörite baýraklaryna mynasyp boldular we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde 14 ýaşa çenli çagalaryň arasynda surat çekmek bäsleşigi yglan edildi. Bu çäre şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar. Bäsleşik iki tapgyrda geçiriler. Ýeňijileri sylaglamak we baýrak gowşurylyş dabarasy 1-nji iýunda geçiriler.

2. «TurkmenExpo» kompaniýasy Türkmenistanda çagalar üçin harytlaryň we hyzmatlaryň ilkinji halkara sergi-ýarmarkasynyň geçiriljekdigini habar berdi. Bu çäre 19 – 22-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde geçiriler. Guramaçylar çaga hyzmatlary we harytlary pudagynda iş alyp barýan türkmen kompaniýalaryny hem-de hususy telekeçileri sergä gatnaşmaga çagyrýarlar. «Kids Expo» ýerli bazardaky mümkinçilikleri giňeltmek bilen, innowasion çaga önümlerini we hyzmatlaryny görkezmek üçin täze meýdança bolar.

3. Izmir şäherinde TÜRKSOÝ hem-de Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan bilelikde guralan «Turan» atly halkara kinofestiwaly tamamlandy. Türkmenistandan birbada iki film ýörite baýraklar hem-de hormat hatlary bilen sylaglandy. Şeýle hem kinofestiwaly guraýjylar Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigine türki halklarynyň medeniýetine goşan goşandy üçin ýörite baýragy gowşurdylar. Kinofestiwalyň bäsleşik maksatnamasynyň çäklerinde 77 ýurtdan 1055 film görkezildi.

4. Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat şu ýylyň mart aýynda Hindistana baran türkmen ýaşlar wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirdi. Dürli iş ugurlaryndan 20 sany zehinli ýaş hünärmen 10 günüň dowamynda Hindistanyň şäherlerine, uniwersitetlerine we medeni merkezlerine baryp, ýurduň özboluşly gurşawyna aralaşdylar. – «Hindistan – Merkezi Aziýa» platformasynyň çäklerinde biz ýaşlar wekiliýetlerini alyşmak boýunça maksatnama guradyk we Türkmenistan oňa ilkinji gezek gatnaşdy. Bu maksatnama her ýyl geçirilýär we indiki ýyl türkmen wekiliýetiniň gaýtadan saparyna garaşylýar, çünki ýaşlar biziň ýurtlarymyzyň geljegi – diýip, Hindistanyň ilçisi belledi.

5. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň gyrgyz dilinde saýlanan eserleriniň ýygyndysy neşir edildi. Ýygyndyda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň 66 goşgusy bar.

Dünýäde

6. «Bite Back» kompaniýasynyň bilermenleri 10 sany iň iri azyk öndürijilerini meşhur multfilm gahrymanlarynyň şekilleri bilen bezelen reňkli gaplamalaryň kömegi bilen çagalary haýasyz dolandyrmakda aýyplaýarlar. Hünärmenleriň pikiriçe, halanýan gahrymanlar bilen bezelen owadan mahabat diňe bir marketing usuly däl-de, eýsem, çagalary kiçi ýaşdan sagdyn däl iýmitlenmegi endik etdirýän zyýanly manipulýasiýadyr. Bilermenler «Kinder Surprise», «M&Ms», «Oreo», «Milka», «Mars», «PepsiCo» we beýlekiler iri azyk öndürijileriniň önümlerine ünsi çekdiler.

7. Awstraliýaly daýhanlar agramy 3 kilograma ýetýän ustrisa ösdürip ýetişdirdiler. Bu öňki rekorddan takmynan iki esse uludyr. Jill atly molýusk 2015-nji ýylda Tasmaniýadan heniz otluçöp kükürdiniň ululygyndaka getirilipdi. Ustrisa fermasynyň eýesi daýhan Berni Konnell eýýäm ýurduň taryhynda iň uly ustrisa üçin baýrak aldy we indi bu üstünligini Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek isleýär.

Sport habarlary

8. «Sentral Kost Mariners» toparynyň futbolçylary AFK kubogynyň iň soňky eýeleri boldy. Final oýnunda olar 84-nji minutda geçirilen pökgi netijesinde Liwanyň «Al-Ahed» toparyndan üstün çykdylar. AFK kubogynyň finaly bu ýaryşyň döwrüniň tamamlanandygyny alamatlandyrdy. Güýzde onuň ýerine täze üç derejeli ulgam dörediler: saýlama AFK Çempionlar ligasy, AFK Çempionlar ligasy 2 we AFK Çagyryş ligasy.

9. Madridiň «Realynyň» oýunçylary Ispaniýanyň futbol boýunça çempionatynyň tamamlanmagyna 4 tapgyr galanda möhletinden öň ýeňiji boldular. «Barselonanyň» myhmançylykda «Žirona» bilen geçirilen oýunda ýeňilmegi aýgytly faktor boldy, bu kataloniýalylary ýaryşyň sanawynda «Realdan» öňe geçmek mümkinçiliginden mahrum etdi. «Real» 36-njy gezek Ispaniýanyň çempionatynda ýeňiji boldy, topar bu görkeziji boýunça rekordyň eýesidir. «Real» bu möwsüm Çempionlar ligasynda ýeňiş ugrundaky göreşini dowam etdirýär. Topar 1/2 finala çykdy we onda «Bawariýa» bilen duşuşar. Mýunhende geçirilen ilkinji oýunda garşydaşlar deňme-deň oýnadylar (2:2). Jogap duşuşygy 8-nji maýda Madridde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň