Eýranda türkmen atlarynyň festiwaly geçirildi

18:2711.10.2022
0
26127

Bojnurd (Eýran) şäherinde türkmen atlarynyň gözellik festiwaly geçirildi. Türkmen atlarynyň gözelligini wagyz etmek, şeýle hem atçylyk däplerini ösdürmek maksady bilen geçirilen festiwala Tähran, Gülistan, Semnan we Horasan-Razawi ýaly Eýranyň dürli welaýatlaryndan 35 at gatnaşdy.

Festiwal her ýyl arassa tohumly türkmen atlarynyň esasy ösdürilip ýetişdirilýän ýerleriniň biri bolan Demirgazyk Horasanda (Türkmenistan bilen serhetleşýän sebitde) geçirilýär. Eýran neşirleriniň biriniň berýän habaryna görä, ýerli ýaşaýjylar bu atlary köpeltmek dünýädäki iň kyn işleriň biri diýip hasaplaýarlar.

Habarda bellenilişi ýaly, Eýran we Türkmenistan ahalteke atçylyk sungatyny we beýlekileri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hödürlemäge taýýarlanýar.

Türkmenistanda 1992-nji ýyldan bäri Türkmen bedewiniň milli baýramynyň her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň