Soňky habarlar

Arhiw

7-nji oktýabrda Sankt-Peterburgda GDA agza döwletleriň Prezidentleriniň resmi däl sammiti geçiriler

20:4006.10.2022
0
34628
7-nji oktýabrda Sankt-Peterburgda GDA agza döwletleriň Prezidentleriniň resmi däl sammiti geçiriler
Surat: ria.ru

Ertir – 7-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Prezidentleriniň resmi däl sammiti geçiriler.

Rus Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, 7-nji oktýabrda Prezident Wladimir Putiniň 70 ýaşy dolýar. Şoňa laýyklykda, W.Putiniň ertir günüň birinji ýarymynda Sankt-Peterburg şäherindäki Konstantinowskiý köşgünde GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryny kabul etmegine garaşylýar. Şeýle-de ertir döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçiriler. Onuň dowamynda indiki hepde Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçiriljek GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky duşuşygyna taýýarlygyň barşy we onuň dowamynda serediljek meseleler boýunça pikir alşylar

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň