Soňky habarlar

Arhiw

«LC Waikiki» dükanyna güýz-gyş möwsümi üçin egin-eşik toplumynyň görnüşleri gelip gowuşdy

17:4004.10.2022
0
20721

Ulylar we çagalar üçin türk-fransuz geýim haryt nyşany «LC Waikiki» Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny täze güýz-gyş möwsümi üçin egin-eşik toplumynyň görnüşleri bilen tanyşmaga çagyrýar.

«LC Waikiki-niň» resmi dükanynda ýyly geýimleriň görnüşleri – switerler we pulowerler, penjekler, balaklar, wodolazkalar, şarflar, şeýle hem aksessuarlar hödürlenýär. «LC Waikiki-niň» täze görnüşleriniň hatarynda erkekler, aýallar we dürli çagalar üçin – mekdebe çenli ýaşlylardan başlap, ýetginjeklere çenli sport, ofis we casual stilindäki geýimler bar.

«LC Waikiki» haryt nyşanynyň dükanyndaky egin-eşik görnüşleriniň bahalary türk internet-dükanlaryndaky bahalar bilen deňdir.

«LC Waikiki» dükany «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 3-nji gatynda müşderilere garaşýar, has giňişleýin maglumat üçin telefon: (+993 61) 17 65 33.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň