Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Beglow Aşgabatdaky türkmen-rus mekdebiniň mugallymlaryny we okuwçylaryny Sankt-Peterburga çagyrdy

13:1128.09.2022
0
31925

Aşgabada saparynyň çäklerinde Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebine baryp gördi.

Saparyň çäklerinde Beglow türkmenistanly mugallymlary Peterburgda geçiriljek bilim maslahatyna, mekdebiň iň göreldeli okuwçylaryny bolsa her ýyl gubernatorlyk tarapyndan geçirilýän soňky jaň dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Şeýle hem gubernator şäheriň mekdepleriniň Aşgabatdaky türkmen-rus mekdebi bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny nygtady.

Gubernatoryň eli boş gelmändigini hem bellemek gerek. Ol mekdebe tennis torlaryny we toplaryny sowgat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň