Soňky habarlar

Arhiw

Putin «Mukam» skripkaçylar toparynyň çeper ýolbaşçysyny «Puşkin» medaly bilen sylaglady

10:1326.09.2022
0
29732

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Karary bilen, Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşandy, şeýle-de medeniýetde, sungatda gazanan üstünlikleri üçin «Mukam» skripkaçylar toparynyň çeper ýolbaşçysy Garold Neýmark «Puşkin» medaly bilen sylaglandy.

Baýrak gowşurylyş dabarasy Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirildi.

Türkmenistanyň halk artisti Garold Neýmarka bu ýokary sylagy Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin gowşurdy.

Öz gezeginde halypa mugallym Russiýanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi we ömrüniň iň bir ýatda galyjy pursatlaryny başyndan geçirýändigini belledi.

— Iki günüň içinde meniň durmuşymda iki sany ajaýyp waka bolup geçdi. Düýn, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toparymyzy hem-de meni Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragy bilen sylaglady. Bu gün bolsa Russiýanyň Prezidenti maňa «Puşkin» medalyny gowşurdy — diýip, Garold Neýmark aýtdy.

«Puşkin» medaly — Russiýa Federasiýasynyň döwlet baýragy bolup, Russiýanyň we daşary ýurtlaryň raýatlaryna sungat we bilim pudagyndaky gazanan üstünlikleri, şeýle hem medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky hyzmatlary üçin berilýär. Medal 1999-njy ýylda döredildi.

«Mukam» skripkaçylar toparynyň çeper ýolbaşçysy Garold Neýmarkyň ozal «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanandygyny hem bellemelidiris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň