Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

23:3825.09.2022
0
31996
Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

«Bouygues» kompaniýalar toparynyň baş direktory Marten Buig duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowy iň ýokary döwlet wezipesine saýlanylmagy hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen mähirli gutlady we türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Duşuşykda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Bouygues» kompaniýasynyň durmuşa geçiren taslamalarynyň ýokary hillidigini, kompaniýanyň öz üstüne alan borçnamalaryny wagtynda hem-de jogapkärçilikli ýerine ýetirýändigini nygtady.

Marten Buig ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady hem-de buýrujynyň ähli isleglerine laýyklykda, ynanylan taslamalary durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryna pugta eýerjekdigini aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow toplanan oňyn tejribäniň, uzak möhletleýin netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, türkmen tarapynyň kompaniýanyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.

***

«Dragon Oil» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al-Jarwan bilen bolan duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini hem-de Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ägirt uly meýilnamalaryny nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow dünýä bazarlarynda energiýa serişdelerine barha artýan islegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny nygtady hem-de kompaniýanyň mundan beýläkki hyzmatdaşlyk baradaky tekliplerine seretmäge taýýardygyny belledi.

Ali Raşid Al-Jarwan Türkmenistanda amala aşyrylýan hem-de halkara jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolan düýpli özgertmeleriň giň gerimine we depginlerine haýran galýandygyny aýdyp, «Dragon Oil» kompaniýasynyň mundan beýläk-de öz üstüne alan borçnamalaryna pugta eýerjekdigine ynandyrdy.

***

Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygynda «VINCI» Construction Grands Projets» fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Patrik Kadri Aşgabada ilkinji gezek gelip görýändigini we onuň gözel keşbine haýran galandygyny belledi.

Duşuşykda işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Patrik Kadri türkmen bazarynyň Fransiýanyň we umuman, Ýewropanyň işewür toparlary üçin aýratyn özüneçekijidigini, munuň Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan syýasaty hem-de ýurduň depginli durmuş-ykdysady ösüşi bilen şertlendirilýändigini belläp, fransuz hyzmatdaşlaryň Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan täze giň gerimli düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uzak möhletleýin esasda işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassyklady.

***

«Cifal» fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Žil Remi bilen bolan duşuşygyň dowamynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary babatda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Şunda senagat ulgamynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda onuň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, binagärlik we gurluşyk ulgamyna öňdebaryjy daşary ýurt tejribesiniň çekilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi, şeýle hem ýangyç-energetika toplumynyň we kommunikasiýanyň hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarydygy bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň