Oktýabr aýynda Türkmenistanda iri halkara çäreleriň birnäçesi guralar. Olaryň hatarynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan halkara sergi we ylmy maslahat, «Dizaýn-2022» Aşgabat forumy we «Serhetsiz dizaýn» halkara sergisi, «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» halkara festiwaly, «Türkmen keşdeçilik sungaty adamzadyň mirasynda» atly halkara maslahat bar. Bu barada wise-premýer M. Mämmedowa anna güni Döwlet Maslahatynda belledi.
Oktýabr aýynda geçiriljek iri halkara çäreleriň halkyň bähbidine gönükdirilen düýpli durmuş özgertmelerini amala aşyrmakdaky ähmiýetini belläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow premýer-ministriň orunbasaryna meýilleşdirilen çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.