Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Üzüm» kafesiniň menejeri Aşgabatdaky meşhur edaranyň esasy aýratynlyklary hakynda gürrüň berdi

09:4522.09.2022
0
32577

«Üzüm» kafesi Aşgabatdaky meşhur ýerleriň biridir. Bu ýerde amatly şertlerde Ýewropa, türk we panaziýa aşhanalarynyň ajaýyp tagamlaryny dadyp bilersiňiz, olaryň köpüsi beýleki restoranlarda hödürlenmeýär. «Üzümde» aşpeziň eli bilen taýýarlanan

Aşgabatdaky iň tagamly süýjülikler, şeýle hem öz çörek bişirilýän binasynda bişirilen burgerler üçin iň täze bulkalar we çörekleri bardyr.

Bu diňe kafeniň türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň arasynda meşhurlyk gazanmagynyň ýeke-täk sebäbi däldir. «Üzümiň» ýolbaşçylaryndan Baýramowa Jahan bu ýeriň menýusynyň aýratynlyklary, özboluşly atmosferasy we aýratyn çemeleşmesi barada «Turkmenportala» gürrüň berdi.

«Üzüm» kafesiniň açylanyna näçe wagt boldy?

Biz eýýäm bäşinji ýyl bäri işläp gelýäris, kafemiz 2018-nji ýylyň 21-nji maýynda açyldy.

Sizi Aşgabadyň beýleki barabar derejedäki kafelerinden we restoranlaryndan tapawutlandyrýan «hile» näme?

Her sargyda aýratyn çemeleşmek diýip bileris. Edaranyň eýesiniň özi menýuny düzýär we müşderileriň ähli isleglerine aýratyn çemeleşýär. Restoranymyzda hatda menýuda bolmadyk tagamy hem sargyt etmek ýa-da onuň taýýarlanyş usulyny saýlamak mümkindir.

«Üzümde» Tehas restoranlarynyň ýörite usulynda taýýarlanan burgerleri, Mişlen restoranlarynyň aşpezleriniň towuk bagyrdan taýýarlan işdäaçaryny we hytaý usulyndaky badamjanly işdäaçaryny dadyp bilersiňiz, olar Aşgabadyň başga hiç bir ýerinde hödürlenmeýär.

Üzümde özboluşly içki bezege, onda adaty bolmadyk, üýtgeşik ýa-da asma elementlerini ulanmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Mysal üçin, zalymyz Türkmenistanyň halk suratkeşi Durdy Baýramowyň döreden eserleri, şeýle hem köne kitaplar ýygyndysy bilen bezelendir, olar bilen restoranymyza gelýänleriň ählisi tanşyp bilerler. Mundan başga-da, restoranyň eýesi öz eli bilen tebigy agaç töňňesinden stollary, şeýle hem adaty bolmadyk potoloklary we lýustralary ýasady.

Siziň baş aşpeziňiziň şu wagta çenli menýuda bolmadyk tagamy taýýarlamak boýunça alan iň üýtgeşik ýa-da çylşyrymly sargydy haýsy?

Bir gezek adaty bolmadyk süýjülik bilen özlerini geň galdyrmagy haýyş etdiler we aşpezler fransuz tagamyny – çörek owuntyklaryna bulanan, şokolad sousunda ter miweler bilen bezelen towuk hödürlediler.

Kafeňizde iň meşhur we ýygy-ýygydan sargyt edilýän nahar haýsy?

Myhmanlarymyz baş aşpezimiziň Kreml usulynda taýýarlanan Kiýew kotletlerini örän gowy görýärler.

Siziň pikiriňizçe «Üzümiň» işiniň iň kyn tarapy näme?

Işgärleri saýlamak kyn. Edaranyň abraýynyň, beýleki zatlar bilen birlikde, ofisantlaryň işi bilen baglanyşyklydygy hiç kim üçin syr däl. Myhmanlara ýokary hilli hyzmat etmek üçin işini bilýän hem-de türkmen we rus dillerinde erkin gürleýän ofisantlar we beýleki işgärler gerek bolýar. Şeýle hem islendik restoranda ýa-da kafede arkaýyn «birinji adam» diýip atlandyryp bolýan baş aşpeziň işi hem möhümdir. Mundan başga-da, edarada rahat atmosfera ähli otaglarda arassaçylygy we tertip-düzgüni üpjün edýänler, arassaçylyga gözegçilik edýänler tarapyndan döredilýär. Olaryň işiniň wajyplygy ofisantlaryň we aşpezleriň işiniňkiden pes däl.

Siziň edaraňyzda haýsy ussatlyk sapaklary geçirildi?

«Greenway» eko kompaniýasynyň işewürlik tanyşdyrylyşy, Make-up, sungat, gülçülik we el işleri boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi. Şeýle hem ilçihanalar tarapyndan çäreler guraldy, lukmançylyk maslahatlary geçirildi, şeýle-de her çarşenbe güni sagat 19-00-da Iňlisçe gürlemek gurnagy (English Speaking Club) geçirilýär.

Kafeňizde diňe ýylyň belli wagtlarynda taýýarlanylýan «möwsümleýin» tagamlar barmy?

Köp myhmanlaryň söýgüsini gazanan, özboluşly usulda aýwadan (behiden) taýýarlanylýan «Aýwa tatlysy» atly tagamymyz bar.

Geljek üçin nähili meýilnamalaryňyz bar?

Kafemizi giňeltmek we söýgüli myhmanlarymyzy begendirmegi dowam etmek.

«Üzüm» kafesi myhmanlaryna: Aşgabat, Ç.Baýryýew (öňki Межлаука) köçesiniň 13-nji jaýynda, «Ak Altyn» myhmanhanasynyň ýanynda garaşýar. Ýerleri bronlamak we naharlary sargyt etmek üçin telefon belgileri (+993 12) 36 05 00, (+993 65) 71 87 20.

  • «Turkmenportaldan» arzanladyş üçin mugt kupon.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň