Soňky habarlar

Arhiw

Sudanda sil joşmalarynda 136 adam heläk boldy

16:2520.09.2022
0
15621
Sudanda sil joşmalarynda 136 adam heläk boldy
Surat: ievren.org

Sudanda sil joşmalarynda pida bolanlaryň sany 136 adama ýetdi. Tebigy heläkçilige çabga ýagyşlary sebäp boldy. Bu barada «Belta.by» belarus saýty ýazýar.

Şeýle hem, 120 adamyň dereksiz ýitendigi habar berilýär. 4 müňden gowrak ýaşaýyş jaýlaryna zeper ýetdi ýa-da doly ýumruldy.

Ýurtda maý aýyndan bäri yzyny üzmän çabga ýagynlary ýagýar. Bu bolsa giden şäherleriň gark bolmagyna getirdi, adamlar öýlerini terk etmäge mejbur boldular. Tebigy heläkçilik, esasan, Sudanyň Nagr en-Nil, Demirgazyk Kordofan, El-Gezira, Günorta Darfur we Günorta Kordofan ştatlaryna, şeýle-de Ak Nil etrabyna zyýan ýetirdi.

Geçen ýyl Sudanda sil joşmalaryndan 80 adam gurban boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň