Gazak we rus režissýory Timur Bekmambetow Gündogarda meşhur bolan wäşi Hoja Nasretdin barada multfilm we çeper serial surata düşürmekçi. Bu barada «RIA Nowosti» habar berdi.
Animasion filmi 2024-nji ýylda tomaşaçylara ýetirmek maksat edinýär.
Bekmambetow Hoja Nasretdin barada animasion filmiň tatar gurjak teatrynyň ssenariçisi we režissýory Ilgiz Zaýniýew bilen bilelikde ýazan sahna eseri boýunça dörediljekdigini aýtdy. Ol bu barada düýn açylan XIV Daşkent halkara kinofestiwalynda habarçylara gürrüň berdi.
Multfilm bilen bir wagtda Gündogaryň folklor gahrymany barada gürrüň berýän serialy hem surata düşürmek meýilleşdirilýär, ol «Noja Nasretdiniň 1001 gijesi» diýlip atlandyrylar.