Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasy (OPEK) 2022-nji we 2023-nji ýyllarda nebite islegiň gije-gündizde degişlilikde, 3,1 million barrel hem-de 2,7 million barrel derejede ösjekdigini çaklady. Bu barada guramanyň nobatdaky aýlyk hasabatynda aýdylýar diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
«Ählumumy ykdysady ösüş nebite islegiň 2022-nji ýylda gije-gündizde 3,1 million barrel we 2023-nji ýylda gije-gündizde 2,7 million barrele çenli ösmegine getirer. Netijede, dünýäde nebite isleg gije-gündizde 102,7 million barrele deň bolar we bu COVID-19 pandemiýasyndan öňki döwürdäkiden ýokary bolar» diýlip, nutukda aýdylýar.
Ady tutulan döwürlerde nebite islegiň artmagyna dünýäde jahankeşdelik bazarynyň dikelmegi hem-de ulag işjeňliginiň ýokarlanmagy sebäp bolar.