«Ak Ulag» kärhanasy Türkmenistanyň eksportçylaryna gümrük taýdan resmileşdirmek hyzmatlaryny hödürleýär

11:3913.09.2022
0
23501

«Ak Ulag» ulag-logistika kärhanasy Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlaryna, şeýle-de Türkmenistanyň çäginde ýükleri daşamak hyzmatlaryny ýetirmekden başga-da, ýükleriň gümrük amallaryny we ähli zerur bolan resmileşdirmek işlerini amal edýär.

Kärhana bu babatda Ýewropa hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlar üçin gümrük taýdan resmileşdirme işlerini ýerine ýetirýär.

«Ak Ulag» ýük daşama iş çygrynda awtoulag, demir ýol, howa hem-de deňiz ulaglary arkaly dünýäniň islendik ýerine halkara ýük gatnawlaryny alyp barýar.

Kärhananyň iş nokadynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat şäheri, G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), 86-njy jaý.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 75 43 44, (+993 61) 81 49 96.

Elektron poçta salgysy: sales-team@akulagtm.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň