Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

21:3912.09.2022
0
25012
Serdar  Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynyň dowamynda oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işleriň we ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, döwlet Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görlüşine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylykly amala aşyrylyşyna degişli meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri şu günler ýurduň sebitlerinde alnyp barylýan işler, şol sanda pagta ýygymynyň alnyp barlyşy, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlardyr beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilişi, hasyly kombaýnlaryň kömegi bilen ýygnamak üçin gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleriniň geçirilişi barada hasabatlary berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde ýurduň sebitlerinde bugdaý ekişiniň guramaçylykly geçirilişi, güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň barşy, Garaşsyzlygyň 31 ýyllygyna taýýarlyk görlüşi, bu sene mynasybetli welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda gurluşyklaryň gidişi barada hem aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaralary ýokary derejede guramak babatda häkimlere anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Wise-premýer A.Ýazmyradow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda welaýatlarda bugdaý ekişiniň barşy, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýygymynyň gidişi, Daşoguz welaýatynda bolsa bu jogapkärli möwsüme taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly, Balkan we Mary welaýatlarynda bolsa gant şugundyry ekilen meýdanlarda alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerini degişli derejede guramak, agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek, pagta ýygymyny we güýzlük bugdaý ekişini depginleri gowşatman alyp barmagy üpjün etmek bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamak, şeýle-de öňde durýan beýleki jogapkärli wezipeler, baýramçylyk dabaralary bilen baglylykda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň