Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi

21:5810.09.2022
0
26635
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze gurulýan döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy, şeýle-de bu ýerde Milli Geňeşiň ýolbaşçylarynyň, wise-premýerleriň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň, Ahal welaýatynyň häkiminiň gatnaşmaklarynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutany mejlisde degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi. Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hasabatynyň çäklerinde merkeziň gurluşygynyň 1-nji tapgyrynda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň sanawy barada hem aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, 2019-njy ýylda gurluşygyna badalga berlen merkeziň 1-nji tapgyrynyň şu ýylyň dekabr aýynda ulanmaga berilmegini üpjün etmegiň, binalaryň enjamlaşdyrylyşy hem-de ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen bagly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi. Bu babatda merkeziň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany wise-premýer A.Ýazmyradowa merkeziň çäklerinde oturtmak üçin teklip edilýän bag nahallarynyň sanawyny we görnüşlerini kesgitlemegi tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow merkeziň çäklerinde gurulýan lukmançylyk, sport we okuw-terbiýeçilik edaralarynyň gurluşyklarynyň depginlerini ýokarlandyrmak, saglygy goraýyş edaralarynyň, bilim ojaklarynyň enjamlaşdyrylyşyna möhüm ähmiýet bermek, saglyk merkezlerinde we bilim edaralarynda işlejek hünärmenleri ýokary derejede taýýarlamak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de bu babatda wise-premýer N.Amannepesowa birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe ýüzlenip, merkeziň edaralarynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda «akylly öý» ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegine, ýeke-täk belgi boýunça degişli gulluklary çagyrmagyň ulgamynyň ýola goýulmagyna möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer M.Mämmedowa merkeziň desgalarynyň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de merkeziň 1-nji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralaryň halkara ähmiýetlidigini belläp, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa olaryň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewe ýüzlenip, welaýat merkeziniň dolandyryş çäklerini we meýdanyny kesgitlemek, degişli kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, kesgitlenen çäreleri ýerine ýetirmek boýunça Milli Geňeşiň çözgütleriniň taýýarlanylmalydygyna ünsi çekdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna merkeziň çäklerinde ýangyn howpsuzlygyny, ulag-ýol hereketiniň sazlaşygyny üpjün etmek bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa ýüzlenip, merkezde işlejek hünärmenleri seçip almak, onuň jemagat hojalygy ulgamyna degişli desgalaryň sazlaşykly işini ýola goýmak bilen baglylykda anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň