Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Däp» haryt nyşanly geýimler meşhurlyk gazanýar

08:5907.09.2022
0
21764

Türkmen önümi bolan «Däp» haryt nyşanly geýimler heniz döredilen ilkinji ýyllarynda Aşgabadyň hem-de ýurduň beýleki iri şäherleriniň ýaşaýjylarynyň ynamyny we söýgüsini gazandy. Häzirki günlerde onuň nyşanyny hatda moda bilen asla gyzyklanmaýanlar hem tanap başladylar.

Haryt nyşany ýakymly matalardan Türkmenistanyň geçmişini we häzirki döwrüni şöhlelendirýän rahat egin-eşikleri taýýarlamagy maksat edinen pikirdeşler topary tarapyndan 2018-nji ýylda döredildi we resmileşdirildi.

«Kerwenleriň uzyn hatarlaryny, belent türkmen daglaryny, milli şaý-sepler bilen bezenen owadan gyzlary, taryhy ýadygärlikleri we giň meýdanlary ýatda galdyrmagy örän isleýärdik. Häzirki zaman ösüş meýillerini, aktual bezegleri we rahat çyzyklary göz öňünde tutmak hem örän wajypdy» – diýip, haryt nyşanynyň döreýşi hakynda ony esaslandyryjylar sosial ulgamda gürrüň berýärler.

Häzirki günde «Däp» tutuş maşgala üçin egin-eşikleri taýýarlaýar. Hödürlenýän görnüşleriň arasynda türkmen tematikasy esasynda bezelen we dürli şekiller ýerleşdirilen köýnekçeler, polo köýnekçeleri, zenan köýnekleri, joggerler, şortylar, hudiler, switşotlar bar. Köp sanly görnüşleriň bezegi erkekler üçin hem, zenanlar üçin hem gabat gelýär.

«Däp» haryt nyşanynyň dükanlaryndaky egin-eşik toplumlary her möwsümde täzelenýär. Her aýda haryt nyşany türkmen halkynyň durmuşyny we medeniýetini şöhlelendirýän özboluşly şeklli we biçüwli çäkli sanda taýýarlanan egin-eşik toplumyny çykarýar.

Haryt nyşanynyň uly bolmadyk aksessuarlar toplumy hem bar: kepkalar, panamalar, joraplar, ýantorbalar, hat bukjalary, telefonlar üçin daşlyklar we eko-ýassyklar.

«Däp» haryt nyşanly geýimleri Aşgabatdaky «Berkarar» (1-nji gat, B57b dükany) we «Aşgabat» söwda merkezlerinde (B-1.32) ýerleşýän öz dükanlaryndan satyn alyp bilersiňiz. Hödürlenýän görnüşler bilen tanyşmak we sargyt etmek üçin sosial ulgamdaky sahypasyna ýa-da (+993 61) 85 77 70 telefon belgisine ýüz tutup bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň