Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Ýaşlar guramasyna täze ýolbaşçy saýlanyldy

11:4401.09.2022
1
27514

Şu gün Aşgabatdaky «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi.

Nobatdaky gurultaýyň gün tertibi tassyklanylandan soňra, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Öwezberdiýew geçen gurultaýdan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada çykyş etdi. «Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, hasabatda Ýaşlar guramasynyň 2019 — 2022-nji ýyllarda dürli ugurlar boýunça alyp baran işleriniň maglumatlary beýan edildi. VII gurultaýyň mejlisiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar guramaçylyk meselesine garadylar. Şunlukda, guramanyň täze ýolbaşçylary ― Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine Ýazpolat Keriýew, başlygyň orunbasary wezipesine Döwletgeldi Durdymuhammedow saýlanyldy.

Arakesmeden soň, gurultaýyň işine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň