Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Halk market» özüniň resmi saýtynda uzak aralykdan söwda etmäge çagyrýar

09:0930.08.2022
0
23121

Halkyň sarp edýän harytlarynyň söwdasy bilen meşgullanýan «Halk market» dükanlar zynjyry özüniň resmi saýtyna çagyrýar, onda ýerlenilýän harytlaryň baý görnüşleri bilen tanşyp, Aşgabatdaky we onuň töweregindäki islendik nokada öýe eltip bermek hyzmaty bilen sargyt edip bilersiňiz.

Saýtyň baş sahypasynda harytlaryň ähli bölümleriniň çykgytlary ýerleşýär – konditer, et we şöhlat önümleri, süýt önümleri, çaý ýa-da kofe we başga-da dürli görnüşli harytlar. Bu ýerde arzanladyş yglan edilen harytlar barada hem maglumat alyp bilersiňiz.

Her bölümde gözlegiň has takyk bolmagy üçin önümleriň derejeleri boýunça goşmaça bölümçeler hem bar (meselem, «Çaý we kofe» bölüminde «ereýän kofe», «gara çaý» we ş.m. goşmaça punktlar bar).

Sargydy resmileşdirmek üçin saýtda hasaba alynmak zerur däl, diňe saýlanan harytlary «sebede» goşmak we sargydyň görnüşi barada maglumat bermek ýeterlikdir. Eger sargydyň nyrhy 150 manatdan geçse, şäheriçi eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.

Şeýle-de «Halk market» Aşgabadyň içine bir sagadyň dowamynda tiz eltip bermek hyzmatyny hem amala aşyrýar.

Söwda üçin tölegleri nagt görnüşde hem, «Altyn Asyr» we «Rysgal» bank kartlary bilen hem geçirmek mümkindir. Mundan başga-da, «Rysgal» bankynyň bank kartlaryny ulanyjylar «Halk marketde» söwda üçin töleg geçirenlerinde, her aýyň aýagynda dükanda edilen söwdanyň nyrhynyň 6%-ni sylag hökmünde alarlar.

Goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgä ýüz tutup bilersiňiz: (+993 65) 11 48 62.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň