Türkmenistanda sentýabr aýynda geçiriljek baýramçylyk çäreleri belli boldy

18:1427.08.2022
0
32443

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa sentýabr aýynda geçiriljek çärelere, olara gabatlanyp guraljak medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy hem-de 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleriň baýramçylyk maksatnamasynda maslahatlary, «tegelek stol» maslahatlaryny, döredijilik bäsleşiklerini, brifingleri, mediaforumlary, wagyz-nesihat çärelerini we aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäreler toplumyny geçirmek hem meýilleşdirilýär.

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry bolar. Şeýle-de bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny we sungat ussatlarynyň konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Sentýabr aýynyň üçünji ongünlüginde Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp, ykdysady gazanylanlaryň sergisi guralar.

Baýramçylyk günlerinde Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurduň meşhur medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler. Aşgabatda we welaýatlarda medeni-durmuş, önümçilik binalarynyň açylyşy mynasybetli dabaralar guralar.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sentýabrda guraljak baýramçylyk dabaralarynyň we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutany bu dabaralaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik ruhuny aýdyň beýan etmelidigini, halkyň iň gowy däp-dessurlary esasynda geçirilmelidigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň