Top.Mail.Ru

«Hekem» Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna gozgalmaýan emläk boýunça ýokary hilli hyzmatlary ýetirýär

16:3424.08.2022
0
46194

«Hekem» kärhanalar topary («Hekem», «Hekem audit» hem-de «Hekem Adyl») gozgalmaýan emläkleri satyn almak we satmak, emläkleriň dürli görnüşini kärendesine bermek, şeýle-de hukuk goldawy we geleşikleri baglaşmakda rieltorlyk hyzmatlaryny ýetirýär.

Ýokary hünär derejeli jogapkärçilik, işleriň dessin ýerine ýetirilmegi, amatly çemeleşme we ýokary hilli hyzmat etmek — «Hekem» we «Adyl Hekem» kärhanalarynyň müşderiler tarapyndan islenilýän netijäni gazanmakdaky esasy ýörelgeleridir.

Häzirki wagtda kärhananyň ynamly dolandyryşynda 4 müňden gowrak öýler, jaýlar hem-de beýleki emläkler bar. Ynamly dolandyryş müşderi tarapyndan gozgalmaýan emlägiň «Hekem» we «Adyl Hekem» kärhanalaryna belli bir möhletiň dowamynda müşderiniň ýa-da onuň özi tarapyndan görkezilen adamyň bähbidine satmak üçin bermekden ybaratdyr. Mundan başga-da, gozgalmaýan emläge we işewürlige tölegsiz hem-de ygtybarly baha bermek hyzmaty ýetirilýär.

«Hekem» ýa-da "Adyl Hekem" kärhanalary bilen gozgalmaýan emläk hyzmatlary boýunça şertnama baglaşmak bilen, müşderiler öýleri, jaýlary, kottejleri we ş.m. satyn almak we satmakda geleşikleri geçirmek üçin resminamalaryň doly toplumyny alyp bilerler. Her bir müşderiniň isleglerine we talaplaryna amatly çemeleşmek, taýýar adaty strategiýalary peýdalanmak hem-de aýratyn emläk dolandyryş strategiýasyny döretmek üstünlikli netijeleri gazanmagy kepillendirýär.

«Hekem» we «Adyl Hekem» kärhanalarynyň hünärmenleri gozgalmaýan emläkleri satyn almak we satmak, peşgeş bermek, miras hökmünde almak, hususylaşdyrmak, gozgalmaýan emlägi hasaba almak we gaýtadan hasaba alynmak üçin zerur bolan resminamalary ýygnamagy üpjün edýärler.

Gozgalmaýan emläk boýunça ähli hyzmatlaryň ýerbe-ýer, dürs amala aşyrylmagy, geleşikleriň netijeli bolmagy hukuk hyzmatlarynyň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Mysal üçin, kärhananyň gozgalmaýan emläk boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin zerur bolan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň döwlet synaglaryny geçen tejribeli hünärmenleriniň üçüsiniň ikisi ýurduň sud edaralarynda 30 ýyldan gowrak iş tejribesi bolan hukukçylardyr.

Müşderiler gozgalmaýan emläkler boýunça geleşik baglaşmakda zerur bolan kanuny we beýleki resminamalaryň mazmunyna ýokary derejede baha berlişine, jedelli ýagdaýlarda amatly hukuk çözgüdini tapmakda has ýerlikli usuly saýlamaga bil baglap bilerler.

Raýatlaryň gozgalmaýan emläk boýunça «Hekem» we «Adyl Hekem» kärhanalaryna ýüz tutmagynyň ýene bir tapawutly tarapy bu ýerde hyzmatlaryň dessin ýerine ýetirilmegi, hyzmatlaryň töleginiň amatly bolmagy, şeýle-de müşderileriň islegleriniň nazarda tutulmagydyr.

«Hekem» hem-de «Adyl Hekem» kärhanalarynyň baş maksady — müşderiniň isleginden ugur alyp, ähli geleşikleri göwnejaý amala aşyrmak bolup durýar. Kärhananyň hünärmenleri hem diňe şeýle usuldaky ýerine ýetirilen iş hyzmatlaryň ýokary hil derejesini üpjün edip biler diýip belleýärler.

Aşgabat şäherinde «Hekem» we «Adyl Hekem» kärhanalaryndan maslahat almak ýa-da şertnama baglaşmak üçin şu salgylara ýüz tutup bilersiňiz:

  • Aşgabat ş., 10 ýyl abadançylyk köçesi, 98-nji jaý;
  • Aşgabat ş., Görogly köçesi, 46-njy jaý («Watan» kinokonsert merkezi);
  • Aşgabat ş., Görogly köçesi, 73-nji jaý;
  • Telefon belgileri: (+993 12) 47 82 54, (+993 12) 47 81 15, (+993 12) 47 88 52, (+993 12) 92 18 56, (+993 61) 57 40 72;
  • Elektron poçta salgysy: blbatyal59@inbox.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň