Soňky habarlar

Arhiw

«Üzüm» kafesi «Turkmenportal» petegi esasynda tagamlaryna 10% arzanladyş yglan etdi

14:3624.08.2022
0
19730

Üzüm — Aşgabadyň ümsüm ýerinde ýerleşen, özünde Ýewropanyň, Türkiýäniň, Aziýanyň aşhanasynyň özboluşly aýratynlyklar boýunça taýýarlanan datly tagamlaryny jemleýän ajaýyp kafedir.

Kafeniň tagamnamasynda tejribeli aşpezleriň taýýarlaýan tagamly süýjülikleri, etden, towukdan, balykdan taýýarlanan naharlar bar. Şeýle-de kafede Italiýanyň pastalary we pissalary, wegetariýan tagamlary hem taýýarlanylýar.

Mundan başga-da, kafeniň naharlaryny öz islegiňize görä bişirmegi sargyt edip bilersiňiz.

«Üzümde» tölegsiz Wi-Fi ulgamy ýetirilýär we onuň daş ýüzünde al-ýaşyl öwsüp duran tebigatda naharlanyp bolýar. Şenbe hem-de ýekşenbe günleri bolsa kafede janly sesde aýdymlar ýerine ýetirilýär.

Bu ýerde «Turkmenportal» aksiýa petegini görkezen islendik müşderä kafeniň esasy menýusyndaky tagamlar we içgiler 10% arzan bahadan hödürlenýär. Ýöne, bu aksiýa petegi kafeniň süýjülikleri, hamyrly tagamlary hem-de kofesi üçin däldir.

Arzanladyş aksiýasyndan peýdalanmak üçin görkezilen petegi ýükläp alyň (ýa-da ekrany surata düşüriň), soňra bolsa ony kafe giren wagtyňyzda dolandyryja görkezip, tagamlaryň arzanladyşyndan peýdalanyň.

Aksiýa we onuň haçana çenli dowam edýändigi baradaky sowallaryňyzy bolsa şu belgiler boýunça guramaçylara jaň edip anyklap bilersiňiz: (+993 65) 50 87 20; (+993 12) 36 05 00.

«Üzüm» kafesiniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Ç.Baýryýew köçesi (Mežlauk), 13-nji jaý («Ak Altyn» myhmanhanasynyň ýanyndaky ozalky mebel dükanynyň ýerinde).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň