Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Halk marketde» «Rysgal» PTB-niň Maestro karty bilen söwda edenlere 6% keşbek ýetirilýär

10:3824.08.2022
0
17056

«Halk market» dükanlar tory edilen söwdanyň tölegini «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň Maestro Master Card karty arkaly töleýän müşderilere söwdanyň 6%-iniň keşbek hökmünde gaýtarylyp berilýändigini ýatladýar.

«Halk market» dükanlar tory — Türkmenistanyň «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan yglan edilen «Şowly söwda» aksiýasynyň gatnaşyjysydyr.

Aşgabatda ýerleşýän söwda dükanlaryndan satyn alan harytlarynyň tölegini bankyň degişli karty arkaly töleýän alyjylara her aýda sarp eden pullarynyň bir bölegi kart hasabyna gaýtarylyp berilýär (bu pullar kartyň hasabyna her aýyň ahyrynda awtomatik usulda geçiriler).

Her aýlyk söwda edilen harajatlar üçin onuň 3%-ni «Rysgal» PTB, galan 3%-ini bolsa «Halk market» gaýtaryp berýär.

Aksiýa şu ýylyň ahyryna çenli dowam edýär.

Şunuň bilen birlikde Halk market saýtyndan islendik harydy eltip berme hyzmaty bilen sargyt edip bilersiňiz. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 65) 11 48 62.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň