Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdiriýetiniň açylyşyna gatnaşdy

23:0920.08.2022
0
25046

Şenbe güni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa bilen bilelikde Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Milli Geňeşiň palatalarynyň ýolbaşçylary açylyş dabarasynda guralan dabaraly çykyşlar tamamlanandan soňra binalar toplumynyň toý bagyny kesdiler.

Müdiriýetiň başlygy Ç.Amanow toplumyň çäginde gurlan desgalar, olarda döredilen şertler barada hasabat berdi. Soňra Milli Geňeşiň palatalarynyň ýolbaşçylary müdirligiň täze binalar toplumy bilen tanyşdylar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, esgerleriň naharhanasynda aşpezler bilen söhbetdeş boldular, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerleriň gulluk şertleri, geljekki arzuwlary bilen gyzyklandylar. Şeýle-de olaryň aýdym-sazly çykyşlaryny diňlediler.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky Hojalyk müdiriýeti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredildi. Ol ýerde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýurduň dürli künjeklerinde ýerleşýän ekin meýdanlarynda ýetişdirilýän dürli görnüşli gök-bakja, miwe önümlerini terligine saklamak, gaýtadan işlemek babatda ähli mümkinçilikler bar.

Binalar toplumy, onuň mümkinçilikleri bilen tanyşlykdan soňra, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň adyndan Hojalyk müdiriýetine sowgat berilýän awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy. Soňra Milli Geňeşiň ýolbaşçylary bu ýerde esgerleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryny, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparynyň görkezme çykyşlaryny synladylar. Toplumyň çäginde ahalteke bedewlerini, türkmen alabaý itlerini idetmek, olary harby gullukda ulanmak babatda türgenleşdirmek üçin döredilen şertler bilen hem tanyşdylar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa harby gullukçylary şanly waka mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, bu ýerden ugradylar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Hojalyk müdiriýetini döretmek barada Türkmenistanyň Prezidenti 2021-nji ýylyň dekabr aýynda degişli Karara gol çekipdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň