Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesine goşular

12:2320.08.2022
0
40461

Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Demirgazyk – Günorta geçelgesinde hem uly mümkinçilikleri görýär we oňa goşulmak isleýär diýip, «Ria.ru» habarlar gullugy Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň 19-njy awgustda Aşgabatda geçirilen brifingdäki çykyşyna salgylanyp, habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, R.Meredow çykyşynda Türkmenistanyň ulag gatnawlarynyň, ulag ýollarynyň ähli görnüşleri boýunça rus kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirjekdigini nygtady. Şeýle-de iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesiniň çäginde uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.

Russiýa, Eýran we Hindistan tarapyndan esaslandyrylan bu ulag geçelgesi baradaky Şertnama 2000-nji ýylda güýje girdi. Raşid Meredow öz çykyşynda şular barada aýtmak bilen, häzirki wagtda Türkmenistanyň hem bu Şertnama goşulmak üçin degişli işlere girişendigini belläp geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň