Soňky habarlar

Arhiw

«Mançester Ýunaýted» Kazemirony satyn alýar

15:2819.08.2022
0
10928
«Mançester Ýunaýted» Kazemirony satyn alýar
Surat: russian.rt.com

«Mançester Ýunaýtediň» «Realdan» Kazemirony satyn aljakdygy gitdigiçe aýdyňlaşýar. Biraz ozal başlanan «Selta» bilen oýundan öňki metbugat konferensiýasynda «Realyň» baş tälimçisi Karlo Ançelotti hem oýunçynyň topary terk edýändigini tassyklady. Hususanda, ol bu barada şeýle diýdi: «Biz Kazemirony toparda galdyrmaga synanyşmadyk. Ol topar üçin uzak ýyllaryň dowamynda zähmet çekdi we saýlamak hukugyna mynasyp. Ol biza niýetini aç-açan mälim etdi.

Kazemiro «Realy» terk edip, täze çagyryşlary kabul etmek isledi.

Häzirlikçe hiç hili resmi ylalaşyk ýok, ýöne onuň gitmek barada çynlakaý pikirlenýändigi dogry zat.

Yza ýol ýok. Kazemiro özüni täze çempionatda synap görmek isledi. Biz oňa ähli gowulyklary arzuw edýäris».

Tanymal sport žurnalisti Fabrisiýo Romanonyň habar bermegine görä, Kazemiro ýakyn 48 sagadyň içinde transferden öňki saglyk barlagyndan geçer. «Mançester Ýunaýted» bu transferi mümkingadar tiz amala aşyryp, duşenbe gününde boljak «Liwerpul» bilen oýunda Kazemironyň meýdança çykmagyny isleýär. Transferiň bahasy we oýunçynyň zähmet haky barada birnäçe habarlar bar, emma heniz kesgitli bir zat aýtmak çetin. Sport neşirleri «Mançester Ýunaýtediň» braziliýaly ýarymgoragçy üçin 60-70 million ýewro töweregi tölejekdigi, oýunçynyň özüniň bolsa hepdesine 413 müň ýewro hak aljakdygy barada ýazýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň