Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda awtoulag ýollaryny ösdürmek boýunça Ähtnama gol çekildi

23:0016.08.2022
0
5769

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew we Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministri Witaliý Sawelýew halkara awtoulag ýollaryny ösdürmek boýunça ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Bu resminama Awazada geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleri derejesindäki maslahatyň çäginde gol çekildi.

Bu barada mintrans.gov.ru habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň