Soňky habarlar

Arhiw

Hekim Agamämmedow we Zulhumar Daşgynowa Türkmenistana nobatdaky medallary getirdiler

22:1915.08.2022
0
3589
Hekim Agamämmedow we Zulhumar Daşgynowa Türkmenistana nobatdaky medallary getirdiler

Türkmenistanly türgen Hekim Agamämmedow Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilýän V Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda dzýudo boýunça 66 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy. Hekim Agamämmedowyň çykyş eden agram derejesinde özbegistanly Sardor Nurullaýew altyn medala eýe çykan bolsa, aýgytlaýjy tutluşykda ýeňlen marokkaly Abderrahman Boshita kümüş medalyň eýesi boldy. Bu agram derejesindäki ýene bir bürünç medal bahreýnli Ramazan Kojakowa nesip etdi.

Şeýle-de şu günki ýaryşlarda dzýudo boýunça zenanlaryň arasynda 63 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Zulhumar Daşgynowa Türkmenistana ýene bir bürünç medaly getirdi. Onuň çykyş eden agram derejesinde alžirli Amina Belkadi altyn medala, ýer eýeleriniň ýygyndysynyň agzasy Şeýma Özler kümüş medala hem-de özbegistanly Sewinç Isokowa ikinji bürünç medala mynasyp boldy.

19-njy awgusta çenli dowam etjek V Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndy topary 14 medal bilen 13-nji ýerde barýar. Häzire çenli Türkmenistanly türgenler 3 altyn, 4 kümüş we 7 bürünç medala mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň