«Turkish Airlines» şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat bilen Stambulyň arasynda 9 sany ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Uçuşlar hepdede iki gezek - her duşenbe we anna günleri amala aşyrylar.
Bu barada awiakompaniýanyň wekillerine salgylanyp, Orinet habar berýär
Habarda ýakyn wagtda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda howa gatnawynyň täzeden dikeltmegiň meýilleşdirilmeýändigi barada-da aýdylýar.
Turkish Airlinesiň sentýabr aýyndaky ýörite uçar gatnawlarynyň doly tertibi:
- Stambul şäherinden ugraýan wagty- 17:00 (Aşgabat wagty bilen görkezilen);
- Türkmenbaşy şäherine gonýan wagty - 19:55.
- Türkmenbaşy şäherinden ugraýan wagty - 22:25;
- Stambul şäherine gonýan wagty - 01:50.
Ýörite uçar gatnawlarynda ekonom klasyň bir taraplaýyn peteginiň bahasy 698 dollar, biznes klasynyňky bolsa - 1495 dollar. Ýolagçlara 40 kilograma çenli agyrlykdaky goş-golamlary mugt äkitmäge rusat edilýär.
Ýeri gelende bellesek, COVID-19 pandemiýasy sebäpli Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky yzygiderli uçar gatnawlary 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylypdy.