Soňky habarlar

Arhiw

Simone Halep möwsümde ikinji titulyny gazandy

11:4515.08.2022
0
6428

Rumyniýaly tennisçi Simone Halep Kanadanyň Toronto şäherindäki «Masters» turniriniň ýeňijisi boldy. Ol 2 sagat 18 minut dowam eden ýaryşyň final oýnunda dünýäniň 24-nji raketkasy amerikaly Býatris Haddad-Maýýany 6:3, 2:6, 6:3 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, baş baýraga eýe çykdy. 30 ýaşly rumyniýaly tennisçi bu üstünlik arkaly 900 reýting utugyny hem-de 439,7 müň amerikan dollary möçberde pul baýragyny gazandy. Bu kubok Simone Halep üçin möwsümdäki 2-nji, umumy karýerasynyň dowamyndaky 24-nji tituldyr.

Ýeri gelende bellesek, Torontodaky «Mastersde» gazanylan çempionlyk Simone Halebe şu gün täzelenen WTA reýtinginde güýçli altylyga dolanmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda zenanlaryň arasyndaky dünýä reýtinginiň lideri polşaly Iga Swýontek hasaplanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň