Çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsüminiň ýapylyş dabaralary geçiriler

21:0110.08.2022
0
11138

Türkmenistanyň Bilim ministrligi jemgyýetçilik guramalar bilen bilelikde 12-13-nji awgustda çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dabaraly ýagdaýda tomusky dynç alyş möwsüminiň ýapylyş çärelerini geçirer.

Döredijilik bäsleşigi görnüşinde geçiriljek ilkinji çäre Gökderede ýerleşýän «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde guralar diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Dabarada çagalaryň arasynda birnäçe bäsleşikler guralar, aýdym aýtmak, goşgulary çeper okamak boýunça dürli çykyşlar görkeziler. Dört tapgyrda dowam eden dynç alyş möwsüminde zehinli çagalaryň birnäçesi ýüze çykaryldy. Olara höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

Ýene bir çäre Ahal welaýat häkimliginiň «Bagtyýar nesil» çagalar dynç alyş merkezinde geçiriler. Bu ýerde çagalaryň düşüren we çeken suratlarynyň sergisi guralar. Başga-da birnäçe bäsleşiklere we çykyşlara giň orun beriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň