Soňky habarlar

Arhiw

«Yizumi» kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekili senagat önümçiligini guramak babatda çözgütleri hödürleýär

09:1708.08.2022
0
3895
«Yizumi» kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekili senagat önümçiligini guramak babatda çözgütleri hödürleýär

«Yizumi» hytaý kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekilligi dürli pudaklarda senagat önümçiligini guramak babatda ýerlikli çözgütleri hödürleýär.

Bu ugurda milli ykdysadyýetiň käbir adaty pudaklary üçin polimerden we rezinden dürli hili önümleri öndürmek üçin enjamlar işlenip taýýarlanyldy we amalyýetde üstünlikli synag edildi. Kompaniýa şunuň bilen baglylykda press-formaly basyş astyndaky galyplaýyş maşynlaryny, ýokary tizlikli gaplama ulgamlaryny we beýleki innowasion enjamlary hödürleýär.

Kompaniýanyň tejribeli hünärmenleri siziň maksadyňyza laýyklykda, enjamlaryň we periferiýa enjamlarynyň iň amatly tehniki aýratynlyklaryny kesgitlemäge ýardam bererler. Mundan başga-da, montažy we işe girizmegi, kepillik hyzmatyny, kepillikden soňky hyzmatlary we ätiýaçlyk şaýlarynyň dessin üpjünçiligini ýetirýän tehniki hyzmatlar amala aşyrylýar.

Türkmenistanda ýerine ýetirilen taslamalaryň hatarynda ýyladyşhana hojalyklary — pomidor öndürijiler üçin kadaly çözgütleriň hödürlenendigini bellemek bolar. Kompaniýa önüm öndürijiler, aýratyn-da pomidory eksport edijiler üçin amatly gaplama önümçiligini ýola goýmakda ýardamyny ýetirdi.

Gutularyň gurluşynyň berk bolmagy agramly ýükleri uzak ýola daşamakda çydamly bolup, agramynyň ýeňilligi, şeýle-de sowadyjyly ýük awtoulaglarynda mümkin boldugyça köp mukdarda ýükleri ýerleşdirmäge amatly bolan ölçegi bilen tapawutlanýar.

Mundan başga-da, gutularyň gurluşy önümleriň uzak aralyga daşalan mahaly olara zeper ýetmezligi nazarda tutulyp taýýarlanandyr, olar daşary ýurtly sarp edijiler üçin tanalar ýaly görnüşde bolup, uniwersal nyşan hem-de öndüriji baradaky maglumatlar bilen üpjün edilendir.

Netijede bolsa, gutularyň bu görnüşi Türkmenistanda giň meşhurlyga eýe bolup, beýleki öndürijiler üçin-de nusgalyk bolup hyzmat etdi.

Belläp geçsek, «Yizumi» kompaniýasy ähli pudaklarda we halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ulanylýan polimerden önüm öndürmek üçin ýokary takyk enjamlary öndürmekde Hytaýda öňdebaryjy senagat kompaniýasy bolup durýar. Kompaniýa eýýäm 20 ýyldan gowrak wagt bäri innowasiýalar we basyş astyndaky galyplaýyş maşynlarynyň önümçiligi bilen meşgullanyp gelýär. Häzirki wagtda Ýer ýüzünde bu brende degişli 8 sany fabrika hereket edýär.

Kompaniýanyň Türkmenistandaky wekilliginiň salgysy: Aba Annaýew köçesi, 30-njy jaý.

Telefon belgileri: (+993 64) 32 15 69, (+993 65) 53 61 72.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň